Taryhda iň uly iPhone. Apple kompaniýasy 7 dýuým ekranly smartfon taýýarlaýar

Şu gün, 15:43638

Apple kompaniýasy ekranynyň ululygy 6,96 dýuýmdan 7 dýuýma çenli boljak smartfonyň prototipini işläp taýýarlaýar. Bu barada belli hytaý insaýderi Digital Chat Station habar berdi.

Häzirlikçe bu ekranyň haýsy modele degişli boljakdygy takyk belli däl. Ähtimal, ol iPhone 20 Pro Max bolar.

Apple özüniň iň uly smartfonlarynyň ekran ölçeglerini kem-kemden ulaldýar: iPhone 16 Pro Max we iPhone 17 Pro Max modellerinde ekran 6,9 dýuým bolan bolsa, täze model bu görkezijiden ýene geçip biler.

Ekranyň ulalmagyndan başga-da, iPhone 20 hatary dizaýn babatynda hem uly üýtgeşmelere eýe bolup biler. Ozal Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman Apple-iň iPhone 19 adyny sypdyryp, ilkinji iPhone-yň çykmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli 2027-nji ýylda göni iPhone 20 hataryna geçip biljekdigini aýdypdy.

Şeýle-de, iPhone 20 Pro we iPhone 20 Pro Max modelleriniň adaty tekiz ekrandan ýüz öwrüp, dört tarapy hem egri ekrana eýe boljakdygy barada gürrüňler bar. Eger şeýle bolsa, bu soňky ýyllarda iň düýpli dizaýn üýtgeşmeleriniň biri bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.