Waýb-koding sebäpli ýarym ýylda App Store-da tutuş bir ýylyňka deňeçer goşundy peýda boldy

Şu gün, 11:23463

Waýb-koding gurallarynyň elýeterliliginiň artmagy sebäpli 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda App Store-da täze goşundylaryň sany iki esse köpeldi. Şol bir wagtyň özünde ulanyjylar tarapyndan ýükläp almagyň möçberi sähelçe ösüş görkezdi.

«9to5Mac» neşiriniň «The New York Times» (NYT) gazetiniň statistikasyna salgylanyp habar bermegine görä, tutuş 2025-nji ýyl boýunça App Store-da 600 müňe golaý täze goşundy çykan bolsa, 2026-njy ýylyň diňe ilkinji ýarymynda eýýäm 560 müňe golaý goşundy ýerleşdirildi. Munuň bilen birlikde, ýükläp almalaryň sany diňe 2 % köpelip, 17,6 milliarda ýetdi.

NYT-yň makalasynda emeli aňdan peýdalanan garaşsyz döredijileriň mysallary getirilýär. Ozal hiç haçan mobil programmalary ýazmak bilen meşgullanmadyk Marko Peres emeli aň arkaly ilki InfoDrizzle, soňra bolsa bir hepdede döreden Stampa goşundysyny çykardy. Birinjisi 1300 gezek diýen ýaly ýüklenip, $500 girdeji getiren bolsa, Stampa 20 müň gezek ýüklenip alyndy we $3000 töweregi girdeji getirdi. Ol indi JPMorgan Chase kompaniýasyndaky işinden çykmagy meýilleşdirýär. Beýleki bir dörediji Dewid Swensson bolsa waýb-kodinge hünär däl-de, güýmenje hökmünde garaýar we eýýäm 11 sany goşundy çykardy.

Moderatorlara düşýän ýüküň artmagy barada Apple-iň wekili Piter Ajemýan kompaniýanyň ugradylýan goşundylaryň 90%-ini öňküsi ýaly 48 sagadyň dowamynda barlaýandygyny aýtdy. Ol emeli aň gurallarynyň ulanylýandygyna garamazdan, App Store-da neşir edilmezden öň ähli programmalaryň hil we howpsuzlyk boýunça birmeňzeş barlagdan geçýändigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.