Kristin Hokins ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekil hökmünde bellendi

Şu gün, 10:492,171

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Kristin Hokinsiň amerikan diplomatik wekilhanasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekil wezipesine bellenilendigini mälim etdi.

Iýul aýyndan başlap Kristin Hokins bu wezipede ýurtdaky diplomatik wezipesini tamamlan ilçi Elizabet Ruduň ornuny çalyşdy. Amerikan daşary syýasat edarasynda Elizabet Ruduň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy aýratyn bellenildi.

Wezipä girişmek bilen, Kristin Hokins Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça işleri dowam etdirer.

Kristin Hokins 2011-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň diplomatik gullugynda zähmet çekip gelýän tejribeli hünärmen diplomatdyr. Ol öz zähmet ýolunda Pakistanda, ABŞ-da, Ukrainada, Russiýada we Ýamaýkada dürli wezipelerde işledi.

2023-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli Lahordaky (Pakistan) ABŞ-nyň Baş konsuly wezipesini eýeledi.

Hanym Hokins türkmen, rus, ukrain we fransuz dillerini bilýär. Ol Wirjiniýa uniwersitetini halkara gatnaşyklar we ykdysadyýet ugry boýunça bakalawr derejesi bilen tamamlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.