Ýapon kompaniýalary – Mitsubishi, Toshiba we Rohm birleşip, täze ägirdi döretmegi meýilleşdirýärler

Düýn, 23:361,083

Ýaponiýanyň güýç ýarymgeçirijilerini öndürýän iň iri üç kompaniýasy – Mitsubishi Electric, Rohm we Toshiba birleşmek barada gepleşikleri geçirýärler. Kompaniýalar «telekeçiligi we dolandyryşy birleşdirmegi» öwrenmek üçin özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler.

Bu ylalaşyk şowly tamamlanan ýagdaýynda, Germaniýanyň Infineon kompaniýasyndan soň dünýäde güýç çipleri öndürýän iň uly ikinji kompaniýa emele geler.

Hasaplamalara görä, birleşen täze gurluş dünýä güýç ýarymgeçirijiler bazarynyň 11%-e golaýyny öz gözegçiligine alyp biler, onuň ýyllyk girdejisi bolsa 8 milliard dollardan aşar. Deňeşdirmek üçin: bazaryň lideri bolan Infineon kompaniýasynyň paýy 24% töweregidir. Güýç çipleri elektromobillerde, zaryad beriş stansiýalarynda, senagat enjamlarynda we energetika infrastrukturasynda elektrik akymyny dolandyrmakda düýpli orun tutýar.

Tehnologik utgaşma we birleşmegiň sebäpleri

Mümkin bolan ylalaşyga gatnaşyjylar birek-biregiň üstüni ýetirýän tehnologiýalara eýedir:

Rohm kremniý karbidinden (SiC) plastinalaryň öz önümçiligine eýe we SiC MOSFET segmentinde öňde barýar.

Mitsubishi Electric ýokary güýçli IGBT-modullary çykarmakda ygtybarly orunlary eýeleýär.

Toshiba kremniý IGBT we MOSFET önümleriniň giň toplumyny öndürýär.

Şeýle birleşme awtomobil inwertorlaryndan başlap, elektrotorlara çenli birnäçe ugry birden öz içine alýan iri üpjün edijini emele getirmäge mümkinçilik berer.

Gepleşikleriň esasy itergi beriji güýji — ulaglaryň köpçülikleýin elektrik togy bilen işlemäge geçmegi sebäpli güýç çiplerine bolan islegiň artmagydyr. Şunda kremniý karbidi has giňden ulanylýar, çünki ol elektromobillere batareýanyň sygymyny artdyrmazdan tiz zaryad almaga we geçilýän aralygy uzaltmaga mümkinçilik berýär.2 028-nji ýyla çenli dünýä güýç ýarymgeçirijiler bazarynyň 28 milliard dollara golaýlamagyna garaşylýar. Üç kompaniýanyň bilelikdäki gözleg býujeti ýylda 2 milliard dollardan aşyp biler, bu bolsa 8 dýuýmlyk SiC-plastinalaryň arzan önümçiligine geçmegi tizleşdirer.

Ylalaşyga barýan ýoldaky kynçylyklar

Birleşmek ýagdaýy birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Öňräk Toyota kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan Denso öz elektromobil çipleri üpjünçilik zynjyryny berkitmek üçin Rohm kompaniýasyna 1,3 trillion ýen (8,3 milliard dollar) hödürläpdi. Emma Rohm beýleki awtoöndürijiler bilen hem hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligini saklamak üçin bu teklibi ret etdi. Şondan soň bazaryň beýleki oýunçylary bilen birleşmek Rohm üçin telekeçiligi giňeltmegiň esasy ýoluna öwrüldi.

Häzirki wagtda taraplar ylalaşygyň çylşyrymly gurluşyna garaýarlar: bitewi bir holdingiň deregine Toshiba bölüminiň birleşdirilmegi we Mitsubishi bilen aýratyn bilelikdäki kärhananyň döredilmegi-de mümkin. Toshiba-nyň telekesiniň Japan Industrial Partners we TBJ Holdings maýa goýum gurluşlarynyň gözegçiliginde bolmagy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Şeýle hem, Mitsubishi we Toshiba eýýäm 300 millimetrlik plastinalary öndürmek boýunça özbaşdak taslamalary ösdürýärler, bu bolsa birleşmekden geljek tygşytlylygy mümkingadar azaldar. Häzirki wagtda jemleýji ylalaşyga gol çekilip, möhür basylmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.