21-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy ýazýar.
Gepleşikleriň dowamynda Öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit howpsuzlygyny, özara ynamy we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmek üçin sebit merkeziniň netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigi bellenilip geçildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, parahatçylyk hem-de dialog medeniýetini ilerletmek, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Mundan başga-da, taraplar öňde duran bilelikdäki çäreleri taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda amala aşyrylýan sebit maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çägindäki hyzmatdaşlyk meselelerine garady.
Duşuşygyň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirildi.