«Freedom Кino we ТW» studiýasy «Toxic» serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Bu Gazagystanyň supergahrymanlar baradaky ilkinji köp bölümli film taslamasydyr.
Serialyň baş gahrymany hökmünde Farhat diýen ýaş ýigit hereket edýär. Tötänleýin bolup geçen wakadan soň, ol her gün täze bir adatdan daşary ukyba supergüýje – eýe bolup başlaýar. Sýužete görä, gahryman öz mümkinçiliklerini dolandyrmagy we olary ulanmakda jogapkärçilik çekmegi öwrenýär.

Awtorlar bu taslamanyň milli gazak kino pudagy üçin öň nätanyş bolan supergahrymançylykly seriallar žanryna aralaşmakda ilkinji ädim bolandygyny aýdýarlar.
«Toxic» serialynda baş rollary Almaz Meržakypow, Bekaýdar Kadyrkeý, Adelina Eraliýewa, Aida Kurmangaliýewa, Azamat Satybaldy we Nuraý Žetkergen ýerine ýetirdiler.