11 ýaşly britaniýaly Bodhana Şiwanandan küştde 38 ýyllyk rekordy täzeledi

Şu gün, 10:43411
1 / 2

11 ýaşly britaniýaly Bodhana Şiwanandan 2600-den ýokary reýtingli grossmeýsteri utan iň ýaş küştçi gyz boldy. Fransiýanyň Eks-an-Prowans şäherinde geçirilen Dole Trophy ýaryşynda Harrou mekdebiniň okuwçysy reýtingi 2628 punkta deň bolan 19 ýaşly Mark-Andriýa Maurissini utdy diýip, «The Guardian» ýazýar.

Maurissi 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda 2023-nji ýylyň dünýä çempiony we Fransiýanyň häzirki çempiony diýen titullary göterýär.

Şiwanandan ozal hem iki sany grossmeýsteri utmagy başarypdy, ýöne olaryň reýtingi beýle ýokary däldi. Bu ýeňiş 2600-den ýokary reýtingli grossmeýsteri utan gyzlar üçin täze dünýä rekordy boldy. Fransuz küştçüsi ilkinji 27 göçümde döwe gözegçilik etdi, ýöne soňra gödek ýalňyşlyk goýberip, perzisiz galdy.

Ozal bu rekord görkeziji Ýudit Polgara degişlidi. Ol 1988-nji ýylda Wengriýanyň çempionatynda dünýä täjine ozalky dalaşgär Laýoş Portişi utupdy. Şol wagt Polgar 12 ýyl 2 aý ýaşyndady.

11 ýaş 4 aýlyk wagty Şiwanandan 2600-den ýokary reýtingli grossmeýsteri utan iň ýaş bäş oýunçynyň hataryna girdi. Ol Nodirbek Abdusattorow (9 ýaş), Faustino Oro (10 ýaş), Roman Şogjiýew we Praggnanandha Rameşbabu (her haýsy 11 ýaş 1 aý) bilen bir hatarda ýerleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.