Gazagystanyň Mangistau sebitindäki gaýa metjitleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Ýerlan Karin habar berdi.
«Döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy we gönüden-göni goldamagy bilen Mangistauwyň gaýa metjitleri (Beket ata, Şopan ata, Garaman ata, Şakpak ata, Sultan Upi) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle karar şu gün Busan şäherinde geçirilýän Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasynda kabul edildi» – diýip, ol şenbe güni sosial torlarda ýazdy.

Ol taryhy desgalaryň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň dünýä bileleşiginiň ünsüni Gazagystana has-da çekjekdigini, syýahatçylygyň ösüşine täze itergi berjekdigini we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.


Kariniň aýtmagyna görä, Gazagystan milli medeni mirasyň beýleki desgalaryny, şol sanda Žarkent metjidini, Almatydaky Woznesensk kafedral ybadathanasyny, Karatau petrogliflerini we Abaýyň «Nesihat sözlerini» ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirer.
Mundan ozal Gazagystanyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen soňky desgalary Hoja Ahmet Ýasawynyň kümmeti (2003-nji ýyl) we Tanbaly petroglifleri (2004-nji ýyl) bolupdy.