Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etdi

Şu gün, 10:45353

24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, türkmen tarapy çuňňur özgertmeleriň şertlerinde halkara hukugyna bolan hormaty berkitmegiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hem-de netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şertidigini nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kararnamanyň kabul edilmeginiň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we BMG-niň çäginde netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýurduň yzygiderli işiniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolandygy bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.