Türkmenistan Ankarada adam maýasyny ösdürmek boýunça çözgütleri tanyşdyrdy

Şu gün, 09:31260

Türkmenistan 22–24-nji iýulda Ankarada geçirilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit maslahatynda adam maýasyny ösdürmäge we durnukly ösüşi strategik meýilnamalaşdyrmaga bolan garaýyşlaryny hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Çärede döwlet edaralarynyň, BMGÖM-iň wekilleri hem-da Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri strategik meýilnamalaşdyrmak, ösüşi maliýeleşdirmek, maglumatlary netijeli ulanmak we döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy.

Türkmen tarapy adam maýasyna ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde garaýan çemeleşmäni tanyşdyrdy. Ýurtda soňky ýyllarda ýokary bilime bolan elýeterliligiň giňeldilendigi, bilim standartlarynyň we maksatnamalarynyň täzelenendigi, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerini sanly ulgam arkaly bahalandyrmak we reýting ulgamynyň ornaşdyrylandygy bellenildi.

BMGÖM bilen bilelikde Türkmenistan bilimiň hilini, demografik meýilleri we hünärmenleri taýýarlamagy zähmet bazarynyň zerurlyklary, öndürijilik we ykdysady ösüşiň geljegi bilen utgaşdyrýan adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak çemeleşmesini ösdürýär.

Şeýle hem Türkmenistanda işlenip taýýarlanan demografik-ykdysady model we ssenariýalaýyn çaklama üçin programma üpjünçiligi hödürlendi. Olar bilim, iş üpjünçiligi, başarnyklary ösdürmek we zähmet öndürijiligi boýunça çözgütleriň zähmet serişdelerine hem-de ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.