SpaceX käbir näsazlyklara garamazdan, Starship raketasynyň 13-nji synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

Şu gün, 09:33223
1 / 3

SpaceX kompaniýasy Starship raketasynyň 13-nji synag uçuşyny geçirdi. Tizleşdirijini yza gaýtarmakda käbir näsazlyklaryň bolandygyna garamazdan, missiýanyň esasy wezipeleri ýerine ýetirildi.

Uçuş 25-nji iýulda amala aşyryldy. Uçuşdan iki minut töweregi geçenden soň, Super Heavy tizleşdirijisi Starship gämisinden aýrylyp, Meksika aýlagynda gözegçilik astyndaky suwa gonuşy amala aşyrdy. Gonuş wagtynda ähli hereketlendirijiler gaýtadan işläp bilmedi, şol sebäpli suwa gonuş «gaty» boldy.

Starship-iň ýokarky basgançagy bolsa, tersine, Hindi ummanyna asuda gonuşy üstünlikli ýerine ýetirdi. SpaceX-e enjam yza gaýdyp gelenden soň ilkinji gezek zelel ýetmedik ýylylykdan goraýjy ekranyň suratlaryny almak başartdy.

Uçuşdan, takmynan, 18 minut geçenden soň, raketa orbita 20 sany Starlink V3 hemrasyny çykardy. Bu olaryň uçuşdaky işine baha bermek üçin ilkinji mümkinçilik boldy. Olar has uly bolup, häzirki hereket edýän Starlink hemralary bilen deňeşdirilende iki esse köp energiýa öndürýän kuwwatly Gün batareýalary bilen tapawutlanýar. Meýilnama boýunça synaglar tamamlanandan soň, hemralar atmosfera gaýtadan giren wagty ýanyp gitmelidi.

SpaceX kompaniýasy Starship raketasyny diňe bir peýdaly ýükleri çykarmak üçin däl, eýsem Aýa we Marsa geljekki uçarmanly uçuşlar üçin hem işläp düzýär. Geljek ýylda kompaniýa NASA bilen bilelikde uly synag geçirmegi meýilleşdirýär.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler raketanyň entek amaly taýdan ulanylmaga taýyn däldigini belleýär. Tizleşdiriji yza gaýdanda hereketlendirijileriň bölekleýin bökdemegi uçuş meýdançasyna düýpli howp döredip bilerdi. 13-nji synag uçuşyny geçirmäge bolan ozalky iki synanyşyk ýatyrylypdy: birinjisi uçuşa birnäçe sekunt galanda saklandy, soňra bolsa uçuryş amatsyz howa şerteri sebäpli yza süýşürildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.