Geçen hepde Türkmenistanyň döwlet biržasynda 9 geleşik hasaba alyndy

Şu gün, 18:06295

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplük, çig ýüpek we pagta ýagynyň soapstogyny satyn aldy. Bu geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin bolsa ýurduň işewürleri jemi bahasy 78 million 93 müň manada deň bolan nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.