Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komiteti elektron-TIR (eTIR) sanly ulgamyny ulanmak bilen üstaşyr awtoulag daşamalary barada maglumat alyşmagy ýola goýdy.
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) guramaçylykly goldawy bilen taraplar Azerbaýjandan ugradylan we Türkmenistandan üstaşyr Özbegistana, şeýle hem Türkmenistandan ugradylyp, Azerbaýjandan üstaşyr Türkiýä barýan awtoulagly ýük daşamalary boýunça synag görnüşinde maglumat alyşmagy üstünlikli geçirdi.
Bu taslama Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky halkara ulag geçelgesinde ýerleşýän iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyşmagyň ilkinji taslamalarynyň biri boldy.
eTIR ulgamy hakyky wagt tertibinde gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagy üpjün edýär. Onuň ulanylmagy kagyz resmileşdirme işini azaltmaga, gümrük amallaryny geçirmegi çaltlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we söwda hem-de gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda bu ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýurduň çägi arkaly geçýän halkara üstaşyr ugurlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrýandygy bellenildi.
Taslama «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we "Akylly" gümrügi döretmek» başlangyjynyň çäginde durmuşa geçirildi.