Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurduň oba hojalyk pudagynda, sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler we gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Oba hojalygynda alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar, ekişde ulanyljak tehnikalar we bugdaý tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşlere garşy göreşmek çäreleri geçirilýär.
Şeýle hem güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi we idegi alnyp barlyp, degişli sebitlerde şaly we gant şugundyry ekinlerine gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň hasyly üçin oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek çäreleri görülýär.
Şonuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyna we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky meýilnamalara laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, gowaça ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek, bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek we önüm öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Serdar Berdimuhamedow agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmelidigini we şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalardaky gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.