Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

Şu gün, 13:102,101

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň başynda myhman Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigini belledi.

Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, bu saparyň çäklerindäki gepleşikleriň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, goňşy döwletler bilen dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ornuna üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk hem-de oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şeýle-de, taraplar özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we hanym Farzane Sadeg Malwajerd netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.