Özbek kompaniýalary Türkmenistana gurluşyk materiallarynyň iberilişini artdyrmaga taýýar

Şu gün, 19:101,444
1 / 2

Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek işewürlik forumynda gurluşyk we senagat pudaklarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy. Özbegistanyň «Pipe Metal» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň bazaryna metal önümleriniň iberilişini giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen forum iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, edaralarynyň we kärhanalarynyň wekillerini birleşdirdi. Esasy meseleleriň biri bilelikdäki taslamalary ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gurluşyk serişdelerini we senagat enjamlaryny öndürmekde tejribe alyşmak boldy.

«Pipe Metal-yň» wekili Alişer Abdurahmanow 2022-nji ýylda açylan kärhananyň aýda 20 müň tonna çenli taýýar önüm öndürýändigini habar berdi. Kompaniýa Russiýadan we Gazagystandan getirilýän çig maldan elektrik kebşirli, suw-gaz kebşirli we gönüburçly turbalary, polat metal prokatlaryny hem-de ýokary basyş astynda süýlen listleri öndürýär. Onuň sözlerine görä, önümleriň ählisi sertifikatlaşdyrylan we döwlet standartlaryna laýyk gelýär.

Kompaniýa eýýäm önümlerini Gazagystana we Täjigistana iberýär. Ýaňy-ýakynda kompaniýa Türkmenistana hem metal önümleriniň ilkinji tapgyryny iberdi.

Alişer Abdurahmanow Türkmenistanda senagat, jemgyýetçilik we medeni desgalaryň işjeň gurulmagynyň ýokary hilli gurluşyk serişdelerine uly isleg döredýändigini belledi. Ol şeýle hem logistika çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýän iki ýurduň geografik ýakynlygynyň artykmaçlyklaryny nygtady. Işewür uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we haryt üpjünçiligini giňeltmäge taýýardyklaryny bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.