Ýuwaş umman döwleti Nauru öz adyny resmi taýdan Naoero diýip üýtgetdi

01.08.2026, 11:544,158

Watikan we Monako bilen bilelikde dünýäniň iň kiçi üç ýurdunyň birine girýän Ýuwaş ummandaky  Nauru adasy öz adyny resmi taýdan Naoero Respublikasy diýip üýtgetdi.

Ýurduň häkimiýetleri bu ädimi milli şahsyýeti pugtalandyrmak, ata-babalaryň mirasyny gorap saklamak we çagalaryň geljegini berkitmek islegi bilen düşündirdiler.

Naoero ady ilaty takmynan 12 müň adama deň bolan adanyň oturymly ýaşaýjylary tarapyndan elmydama ulanylyp gelnipdir. «Nauru» nusgasy bolsa adanyň asyl adyny aýtmakda kynçylyk çeken ýewropalylaryň taýýarlamagy bilen ýüze çykypdyr. Bu at 1888-nji ýylda Germaniýa adany basyp alyp, ony Marşall adalaryndaky öz protektoratyna goşandan soň resminamalara girizilipdir.

Ýurduň parlamenti ady üýtgetmek baradaky konstitusion üýtgeşmäni şu ýylyň maý aýynda kabul edipdi. Ilkibaşda ählihalk referendumyny geçirmek meýilleşdirilipdi, emma şu hepdede prezident Dewid Adeang raýatlaryň şonsuz hem goldajakdygyna ynanýandygy üçin sosial ulgamlarynda referendumyň ýatyrylandygyny yglan etdi.

«Bu eýýäm halkyň öz şahsyýetidir, ol milli gerbde hem şekillendirilen we jemgyýetde ulanylýar, iň wajyp ýeri hem, muňa konstitusiýa tarapyndan rugsat berilýär» diýip, döwlet baştutany belledi.

Häzirki wagtda ada häkimiýetleri ýurduň adynyň üýtgedilendigi barada halkara guramalaryna we beýleki döwletlere resmi taýdan habar bermek işlerine eýýäm başladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.