Daşdilen gülleriniň ýyrtyjylygy çyn eken: olar mör-möjekleri iýýär

09.08.2026, 10:564,109
1 / 4

Hytaýly botanikler ilkinji gezek daşdilen gülleriniň bir görnüşi bolan Saxifraga candelabrum ösümliginiň mör-möjekleri tutup iýýändiklerine ynandyryjy subutnamalary aldylar. Şeýlelikde, olar Çarlz Darwiniň 1875-nji ýylda öňe süren çaklamasyny tassykladylar.

Ylmy-barlag işleriniň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda neşir edildi. Onda:

«Biziň geçiren meýdan tejribelerimiz we gerbarilerdäki nusgalaryň seljermesi Saxifraga candelabrum görnüşli dag ösümlikleriniň mör-möjekleri ýapraklarynyň we gülleriniň ýüzündäki tüýjagazlaryň kömegi bilen tutup bilýändigini görkezdi. Şeýle hem izotop we genetik seljermeler arkaly, bu ösümlikleriň tutan mör-möjegini fermentleriň ýörite toplumynyň kömegi bilen siňdirýändigini tassyklamak başartdy» diýip habar berilýär.

Barlag Hytaý ylymlar akademiýasynyň Kunmin botanika institutynyň professory Sun Hanyň ýolbaşçylygyndaky botanikler topary tarapyndan geçirildi. Öz döwründe ýapyşagan gyldyrganlar bilen örtülen daşdilenleriň ýyrtyjylara degişlidigini Darwin hem çaklapdy, ýöne oňa ömrüniň dowamynda muny tejribe arkaly subut etmek başartmandy.

Alymlar Tibetde we Henduanşan daglarynda 2–3 müň metr beýiklikde ösýän ösümliklere syn etmek üçin 32 nusganyň ýanynda wideokamera ýerleşdirdiler. Olar ownuk mör-möjekleriň gyldyrganlardaky şireli bölünip çykmalara ilişip galýandygyny we şol ýerde hem siňdirilýändigini anyklady.

Bedeninde agyr azot-15 izotopyny saklaýan drozofila siňekleri bilen geçirilen goşmaça tejribeler alnan netijeleri tassyklady. Seljerme ösümlikleriň mör-möjeklerden ýokumly maddalary özleşdirýändigini we beýleki ýyrtyjy ösümliklere mahsus fermentleri bölüp çykarýandygyny görkezdi.

Botanikleriň pikiriçe, bu açyş ösümlik dünýäsiniň ýyrtyjy wekilleriniň birmeňzeş ewolýusion mehanizmlere eýerýändigine şaýatlyk edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.