BMW kompaniýasy ABŞ-nyň bazaryndan 27 720 sany awtoulagyny meýletin yza çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasy (NHTSA) degişli resminamalarynda habar berilýär.
Kompaniýanyň birnäçe modellerinde kardan waly bilen yzky differensialyň birikdirilişinde tehniki kemçilik tapyldy. Näsazlygy aradan aýyrmak üçin olaryň birikýän böleklerini ýörite ýelim bilen berkitmek ýa-da şaýlary doly çalşyrmak göz öňünde tutulýar.
Yza çagyryş maksatnamasy aşakdaky modellere degişlidir:
-
BMW 5 Series: 2021–2023-nji ýyllarda öndürilen 540i, 540i xDrive we M550i xDrive modelleri;
-
BMW 8 Series: 2022–2026-njy ýyllarda öndürilen 840i we 840i xDrive modelleri;
-
BMW 7 Series (gibrid): 2024–2026-njy ýyllarda öndürilen 750e xDrive modeli.
Bilermenleriň bellemegine görä, transmissiýa bilen yzky differensialyň birikýän ýeri gitdigiçe gowşap, yzky tigirleriň dartyş güýjüniň ýitmegine getirip biler. Üstesine-de duralga tormozy (ruçnik) çekilmän goýlan ýagdaýynda, awtoulagyň öz-özünden tigirlenip gitmek howpy güýçlenýär.
Bejergi işleri kompaniýanyň diler merkezlerinde mugt berjaý ediler.
Agzalan näsazlyk boýunça derňew işleri 2024-nji ýylyň dekabrynda müşderileriň ýüzlenmelerinden soň başlandy. Tehniki synaglardan we kompýuter modelirlemesinden soň kompaniýa ulaglary yza çagyrmak kararyna geldi. BMW bu näsazlyk zerarly ýol-ulag hadysasynyň ýüze çykanlygy ýa-da kimdir biriniň şikes alanlygy barada heniz hiç hili maglumatyň gelip gowuşmandygyny belleýär.