Google smartfonyň kamerasy we emeli aňyň kömegi bilen bedeniň düzümini kesgitleýän «PhotoScan» tehnologiýasyny işläp düzdi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, ol ýag göterimini we beýleki görkezijileri kesgitlemekde DXA lukmançylyk skanirlemesiniň görkezijilerine ýakyn netijeleri berýär.
Bedeniň düzümi madda çalşygynyň sagdynlygyna we öýjükleriň insuline durnuklylygyna baha bermek üçin möhümdir. Häzir munuň üçin DXA skanirlemesi ýa-da bedenden gowşak elektrik toguny geçirýän we bioelektrik impedans derňewi tehnologiýasy bolan öý enjamlary peýdalanylýar.
PhotoScan başgaça çemeleşmäni hödürleýär. Google smartfonlarda düşürilen adamlaryň fotosuratlaryny DXA lukmançylyk skanirlemeleriniň netijeleri we beýleki maglumatlar bilen deňeşdirdi. Soňra bu maglumatlar emeli aň modelini okatmak üçin ulanyldy.
Täze model bedendäki ýag göterimini, beýleki parametrleri, şol sanda organizmiň insuline durnuklylygyny DXA ýakyn takyklyk bilen kesgitleýär.

PhotoScan entek ulanyjylar üçin çykarylmady. Google diňe bu tehnologiýa arkaly «smartfonlaryň kömegi bilen bedeniň düzümine baha bermegiň mümkindigini» görkezdi. Ýöne geljekde şuňa meňzeş funksiýanyň Pixel smartfonlarynda peýda bolaýmagy hem inkär edilmeýär.