Harward alymlary geçmişini «ýadynda saklaýan» mini-beýnileri döretdiler

Şu gün, 02:201,359

Göz öňüne getiriň, aýdaly, siz Legodan ýasalan çylşyrymly modeli bölek-bölek söküp, soňra ony gaýtadan düzüpsiňiz, ýöne täze «kerpiçjikler» nähilidir bir ýol bilen öňki duran ýerlerini ýatda saklaýar we şol bir ýerlerinden gurulmagyny dowam etdirýär.

Harward uniwersitetiniň laboratoriýasynda şunuň ýalyrak ýagdaý bolup geçdi. Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda neşir edildi.

Alymlar sütün öýjüklerinden döredilen adam beýnisiniň kiçijik üç ölçegli nusgalary bolan organoidleri ösdürip ýetişdirmek we öwrenmek üçin alty ýyla golaý wagt sarp etdiler. Olaryň içinde hakyky ýaşaýyş gaýnap joşýardy: dürli öýjük görnüşleri (meselem, astrositler we oligodendrositler) emele gelip, neýronlar öz arasynda elektrik signallaryny işjeň alşyp-çalyşýardy.  

Ýöne alymlar çylşyrymly synag geçirmek kararyna gelenlerinde has gyzykly ýagdaý ýüze çykypdyr: olar dürli ýaşdaky organoidleri emaý bilen aýratyn öýjüklere bölüpdirler we olary garyşdyryp, düýbünden täze gurluşlary döredipdirler. Öýjükleriň hemme zady täzeden başlamagy logiki taýdan dogry bolardy. Emma beýle bolmady.

Görlüp oturylsa, «gartaşan» organoidleriň öýjükleri öz geçen tejribesini gowy ýatda saklan eken. Olar «çagalyga gaýdyp gelmediler-de», galan ýerlerinden ösüşini dowam etdirdiler. Üstesine, olar ösüş tapgyrlaryndan diýseň tizlik bilen böküp, birnäçe aý sarp edilýän ýagdaýlardan bary-ýogy iki hepdäniň  içinde geçip gitdiler.

Alymlar beýni öýjükleriniň içinde wagtyň hasabyny ýöredýän we geçilen ýol barada maglumaty saklaýan molekulýar taýmeriň ýa-da «içki sagadyň» gizlenýändigini çaklaýarlar. Bu mehanizmiň işleýşi entek adamzat üçin syr bolmagynda galýar.

Şeýle-de alymlar iýmit «kokteýlini» birneme sazlamak we neýronlaryň tebigy işjeňligini goldamak arkaly bu mini-beýnileriň ömrüni ep-esli uzaltmaklygy öwrendiler. Ylymda indi adam beýnisiniň ýyllaryň dowamynda nähili kämilleşýändigini we üýtgeýändigini synlamak üçin ajaýyp model bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.