Bişkekde Merkezi Aziýanyň iň belent synlama çarhy gurnaldy

Düýn, 19:592,555
1 / 2

Bişkekde belentligi 92 metrden geçýän synlama çarhy gurnaldy.

Bu barada «Asman Park» maşgala-dynç alyş merkeziniň durkuny täzelemek işleriniň gidişini barlan şäher häkimi Aýbek Junuşaliýew munisipalitetiň metbugat gullugyna habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu Merkezi Aziýada şeýle görnüşli attraksionlaryň iň belendidir.

Attraksion «Bişkek jyldyzy» diýip atlandyryldy. Onuň üstünden tutuş Bişkegiň hem-de şäheri gurşap alan daglaryň gözel görki açylýar.

Seýilgähiň durkuny täzelemek işleri ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmagy, ýaşyl zolaklary döretmegi, täze dynç alyş meýdançalaryny hem-de gezelenç ýerlerini gurnamagy öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde futuristik dizaýnly binagärlik elementleri peýda bolar.

Seýilgähiň çäginde eýýäm 500-den gowrak nahallar we bezeg ösümlikleri oturdyldy. Ýakynda olaryň ýene-de şonçaragyny oturtmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda seýilgähde topragy taýýarlamak, ot ekmek, asfalt ýazmak we abadanlaşdyrmak işleri dowam edýär. Ýerine ýetirilmeli işleriň 90 göterimi amala aşyryldy.

Şäher häkimi öňde goýlan ähli işleriň ýokary hilli alnyp barylmalydygyny hem-de Bişkegiň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin şeýle meýdançalary döretmegiň möhümdigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.