Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen PETRONAS täze Ähtnama gol çekdi

Düýn, 17:442,450

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn.Bhd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

21-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde J.Gurbangeldiýewiň, Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaými bin Ahmad Tajuddiniň we «Petronas Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi bin Ismailiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Gol çekilen Ähtnama «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi. Bu resminama bilim we hünär taýýarlygy babatda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly şert döreder.

Duşuşygyň dowamynda nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de bilim ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň barşynda «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde türkmenistanly ýaşlara talyp hakly ýerleriň hödürlenýändigi we hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň geçirilýändigi hem bellenildi.

Şeýle-de taraplar Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdi.

Häzirki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi. Malaýziýanyň premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäginde hem ýurdumyzyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça üç ylalaşyk gazanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.