Täze arheologik tapyndylar alymlara häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşen gadymy grek şäheri Teosdaky mekdep bilimi barada has köp düşünje almaga mümkinçilik berdi. Barlaglaryň netijesinde saz mugallymlarynyň, sowat, edebiýat we bedenterbiýe mugallymlaryna garanyňda, has köp hak alandygy anyklanyldy.
Tapylan 13 sany gadymy ýazga we ozal mälim bolan ýazuw çeşmelerine görä, saz çalmagy öwredýän mugallym ýylda 700 drahma gazanypdyr. Okamagy, ýazmagy we edebiýaty öwredýän mugallymlara 500–600 drahma, bedenterbiýe mugallymlaryna bolsa, takmynan, 500 drahma tölenipdir.

Erkin maşgalalarda dünýä inen oglanlaryň we gyzlaryň bilimi şäher ýaşaýjysy Politrosyň 34 müň drahma möçberindäki gaznasyndan maliýeleşdirilipdir. Okuw maksatnamasyna sowat öwretmek, edebiýat, saz, bedenterbiýe we harby taýýarlyk sapaklary giripdir.
Saz we esasy bilimler boýunça synaglar 800 adama niýetlenen şäher geňeşiniň binasynda — bulewteride geçirilipdir. Bedenterbiýe boýunça synaglaryň bolsa gimnasiýada guralandygy çaklanylýar.

Tapyndylaryň arasynda Aleksandr Makedonlynyň serkerdesi Parmenionyň ady agzalýan ýazgylar, şeýle hem Milet, Smirna we Mitilena şäherlerinden eminleri çagyrmak baradaky resminamalar hem bar.
Häzirki wagtda Teos şäherindäki jemgyýetçilik binalaryny dikeltmek işleri dowam edýär. Gadymy desgalaryň käbirinde medeni çäreler hem geçirilip başlandy.
Kiçi Aziýanyň günbatar kenarynda, häzirki Izmir şäheriniň golaýynda ýerleşen Teos Ioniýanyň 12 şäheriniň hataryna giripdir.