Detroýtda (ABŞ-nyň Miçigan ştaty) sapaklaryny goýbermän, yzygiderli mekdebe gatnan okuwçylar 1 müň dollara çenli sowgatlyk kart alyp bilerler. Bu barada Fox News teleýaýlymy habar berýär.
Ýokary synp okuwçylaryna sypdyrman sapaga gatnaşan her hepdesi üçin 100 dollar möçberinde elektron sowgatlyk karty berilýär. Şunlukda, olar dört hepdäniň içinde 400 dollar gazanyp biler, gyşyň 10 hepdesi üçin iň ýokary töleg bolsa 1 000 dollara barabar bolar.
Gowy gatnaw üçin pul tölemek maksatnamasy öňräk başlan hem bolsa, häzirki wagtda ol has giňeldilip, 2026–2027-nji okuw ýyly üçin uzaldyldy. Çünki maksatnama eýýäm gowy netije berdi. 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda 12,8 müň töweregi ýokary synp okuwçysy bu tölegleri almagy başardy. Bu şol etrapdaky görkezilen ýaş toparyna degişli okuwçylaryň umumy sanynyň 84 göterimidir. Şonuň bilen bir wagtda, sapaklary yzygiderli goýberýän okuwçylaryň görkezijisi-de 64 göterimden 54 göterime çenli pese düşdi.
Täze okuw ýylynda bu maksatnama 6–8-nji synp okuwçylaryna hem degişli ediler. Olara sapak goýberilmedik her hepde üçin 50 dollardan tölener.
Mekdep etraby sapaklary sebäpsiz goýbermäge garşy göreşmek üçin 1,1 milliard dollar möçberindäki umumy býujetden 13,9 million dollar bölüp berdi. Adatça, esasy tölegler sowuk howa şertleri we möwsümleýin keseller sebäpli, sapaklara gatnaşygyň peselýän döwri bolan ýanwar–mart aýlaryna sarp edilýär.
Bu babatda düzgünleriň berkdigini-de bellemek gerek. Okuw hepdesiniň dowamynda sebäpsiz goýberilen ýekeje sapak hem okuwçyny şol hepdäniň töleginden doly mahrum edýär.