Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze ilçisini kabul etdi

Düýn, 22:43752

Şu gün, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Petra Dahtleri kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatlaryny gowşurdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Petra Dahtler Türkmenistanyň Prezidentine kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walterm Ştaýnmaýeriň hem-de Federal Kansleri Fridrih Mertsiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi bellenildi. Germaniýa bolsa ýurduň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir.

Türkmenistan we Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär we birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýar. Taraplar halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy saklaýar.

Duşuşykda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan bu formata sebiti ösdürmek, ykdysady gatnaşyklary berkitmek, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek we bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady, lukmançylyk, medeni-ynsanperwer we bilim ugurdaky hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen lukmanlary bilen nemes hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň dowam edýändigi bellenildi.

Petra Dahtler däp bolan dostlukly gatnaşyklary we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.