Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Düýn, 11:091,479

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Yslam Alamgiri Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Mirza Fahrul Islam Alamgire tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Bangladeşiň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bangladeşiň parlamenti ýurduň täze döwlet baştutanyny 2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda saýlady. Milletçilik partiýasyna degişli dalaşgär Mirza Fahrul Islam Alamgire 255 deputat ses berdi, onuň bäsdeşi Oli Ahmed bolsa 88 ses aldy.

Prezident saýlawy ýurduň öňki lideri Mohammed Şahabuddiniň saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekileni üçin geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.