Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sanduwa we ýurduň halkyna Garaşsyzlyk gününiň şanly 35 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
1991-nji ýylyň 27-nji awgustynda Moldowanyň Parlamenti tarapyndan Garaşsyzlyk Jarnamasy kabul edildi. Bu Moldowanyň SSSR-iň düzüminden çykyp, özbaşdak döwlet hökmünde yglan edilmegi boldy. Şol günden bäri ýurtda Garaşsyzlyk güni (Ziua Independenței) giňden bellenilip geçilýär.
Baýramçylyk güni Moldowanyň Prezidenti halkyň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edýär. Ýurduň paýtagty Kişinýow şäherinde bolsa dabaraly çäreler, medeni-sazly çykyşlar we attraksionlar guralýar.