Serbiýada dişden ýasalan 6500 ýyllyk kulon tapyldy

Düýn, 17:093,527
1 / 2

Serbiýanyň Belgrad şäheriniň günortasynda ýerleşýän Ýablanisa obasynda arheologlar adamyň gyýak dişinden ýasalan, ýaşy 6,5 müň ýyldan geçýän seýrek kulony tapdy. Tapyndy Ýewropanyň taryhdan öňki iň uly jemgyýetleriniň biri bolan Winça medeniýetine degişli ýerlerde ýüze çykaryldy.

Ilkibaşda arheologlar ol haýwanyň dişinden ýasalan adaty monjukdyr öýtdüler. Onuň hakyky gelip çykyşyny diňe ýigrimi ýyl töweregi wagt geçenden soň anyklamak başartdy.

Belgraddaky Arheologiýa institutynyň arheology Nemanýa Markowiç we onuň kärdeşi Ana Mariçiç bu tapynda has içgin syn edip, öňlerinde Balkan ýurtlarynda neolit döwründe adamyň dişinden ýasalan ýeke-täk ygtybarly resmileşdirilen şaý-sepiň durandygyna düşündi. Dişiň ululygy 23 mm-den sähel kiçi bolup, ol Mladenowas şäheriniň taryhy muzeýinde saklanýardy.

Dişiň ýagdaýyndan çen tutsaň, onuň orta ýaşly uly adama degişli bolandygyny, köküniň zeper ýetmedik tekiz üsti bolsa dişiň eýesi aýatda diri wagty däl-de, dünýeden ötenden soň goparylyp alnandygyny görkezdi.

Hünärmenler kulonyň takyk ýasalan senesini kesgitlemek üçin dişdäki deşikde galan yzlary Ýablanisadan tapylan b.e.öň 4700-nji ýyla degişli balykgulakdan ýasalan bilezikdäki yzlar bilen deňeşdirdi. Bu iki tapyndydaky yzlaryň meňzeşligi olaryň biri-birine ýakyn döwürlerde ýasalandygyny görkezdi. Alymlary bu önümleriň örän takyklyk hem-de ussatlyk bilen ýasalmagy haýran galdyrdy. Gadymy ussa gyýak dişi ýörite deşip, bezeg önümi hökmünde dakynmak üçin ondan ýüp geçiripdir.

Ýablanisa ýaly arheologik ýerlerde şaý-sepler örän seýrek duş gelýär. Adamyň dişinden ýasalan bu kulon, hakykatdan hem, möhüm ylmy açyşdyr, çünki neolit döwrüniň şeýle seýrek şaý-sepleri tutuş Ýewropada diňe ýek-tük duş gelýän bolsa, Balkan sebitinde ozal olara hiç wagt duş gelmändi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.