Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino gurama agza bolan 211 federasiýanyň ählisiniň gatnaşmagynda 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ilkinji dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini mälim etdi.
«Biz futboly, hakykatdanam, dünýä derejesine ýetirmek isleýäris. Bu 4 müňden gowrak çaganyň bilelikde futbol oýnaýan baýramçylygy bolar» – diýip, «Foot Mercato» Infantinonyň sözlerini getirýär.
Taryhy ýaryş 2026-njy ýylyň 22–31-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanda geçiriler. Bu ýurt müňlerçe ýaş türgenleri hem-de olaryň ýanyndaky hünärmenleri bir ýerde kabul edip bilmegi, şeýle-de döwrebap sport we umumy infrastrukturasynyň bolmagy sebäpli saýlandy.
Ilkinji ýaryşda oglanlaryň ýygyndy toparlary bäsleşer, 2027-nji ýyldaky ikinji ýaryşda bolsa diňe gyz futbol toparlary çykyş eder.
«Khel Now» we «Inside World Football» neşirleriniň ýazmagyna görä, ýaryşyň özboluşly formaty bolar. Gatnaşyjylaryň sanynyň köplügi sebäpli duşuşyklar kiçi meýdançalarda 11 däl-de, her topardan sekiz futbolçynyň gatnaşmagynda geçiriler. Oýunlar 20 minutlyk iki ýarymdan hem-de 5 minutlyk arakesmeden ybarat bolar.
«The Athletic-iň» habar bermegine görä, saýlama tapgyrsyz bu taslama Meksikanyň futbol federasiýasynyň öňki ýolbaşçysy Huan Karlos Rodriges we Eldridge Industries holdingi tarapyndan işlenip düzüldi.
Ozal hatda saýlama ýaryşlarynda-da syýasy, maliýe ýagdaýlary ýa-da käbir federasiýalaryň çetleşdirilmegi sebäpli FIFA-nyň hemme agzasy guramanyň howandarlygynda geçýän ýaryşlara bir wagtda gatnaşyp bilmeýärdi. Infantinonyň täze taslamasy bolsa saýlama tapgyry doly aradan aýryp, reýtingine hem-de mümkinçiliklerine garamazdan, her bir assosiasiýanyň ýaryşda ýer almagyny kepillendirýär.