Kiborg saçakçylar harabalygyň astynda galan adamlara derman eltip biler

Düýn, 14:004,125
1 / 3

Awstraliýaly alymlar geljekde harabalyklaryň astynda galan adamlary tapyp, olara derman eltip biljek kiborg saçakçylary üstünlikli synagdan geçirdiler. Ylmy barlagyň netijeleri Advanced Science žurnalynda çap edildi.

Kiborg mör-möjekleri Kwinslend we Täze Günorta Wels uniwersitetleriniň hünärmenleri işläp taýýarlady. Alymlar noldan robot ýasamagyň deregine, tebigatyň eýýäm kämilleşdiren organizmini ulanmagy makul bildiler. Janly saçakçylara ýeňil elektron modul dakdylar, olara dürli maksatly işleri etdirmek üçin enjamyň birnäçe görnüşi döredildi. Jandarlaryň hereketi elektrodlar we mikroçip arkaly dolandyrylýar. Çipden çykýan örän inçe simler saçakçynyň murtjagazlaryna (iň duýgur ýerine) birikdirilýär. Murtuna gowşak elektrik signal baranynda, ol öňünde böwet bardyr öýdüp, operatoryň islegine görä ugruny üýtgedýär.

Käbir saçakçylar kameralar bilen üpjün edildi, beýlekilerine bolsa operator tarapyndan uzakdan işjeňleşdirip bolýan kiçijik şprisler oturdyldy. Bu halas edijilere barmasy kyn ýerlerde ejir çekenlere tiz kömek eltmäge mümkinçilik berer.

«Alymlar eýýäm ençeme ýyl bäri gözleg-barlag wezipeleri üçin mör-möjek kiborglaryny işläp taýýarlaýar. Biz muny täze derejä çykarmak isledik. Bu mör-möjekler adamy tapandan soň oňa kömek edip bilermi diýen soraga öňümizde goýduk» diýip, Kwinslend uniwersitetiniň bioroboto tehnikasy boýunça inženeri Thang Wo-Doan gürrüň berdi.

Görkezme synaglarynyň barşynda nyşanadan 15 santimetr uzaklyga ýeten halatynda kiborglar 95% takyklyk bilen sanjym urdular. Bir wagtyň özünde ugur almagy we sanjym etmegi talap edýän synaglarda olar tabşyrygy 72% üstünlik bilen berjaý etdiler.

«Harabalygyň aşagynda galan ýa-da gowakda gabalan wagtyňyz kömege mätäç bolsaňyz, şeýle kiborg siziň janyňyzy halas edip biler» diýip, Kwinslend uniwersitetiniň doktoranty Hai Nhan Le şeýle robotlaryň geljeginiň uludygyny belledi.

Alymlar bu tehnologiýany dürli mör-möjek görnüşlerine uýgunlaşdyrmagy we geljekde her bir möjejigiň belli bir wezipäni ýerine ýetirip bilýän kiborg sürüsini döretmegi meýilleşdirýär. Olar şeýle jandarlaryň eýýäm öňümizdäki 5-10 ýylyň içinde hakyky halas ediş işlerinde ulanylyp bilinjekdigini çaklaýar, ýöne munuň üçin goşmaça serişdeler we synaglar gerek bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.