Türkmenistanyň Mejlisinde «Elektron söwda hakynda» täze Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mejlisiň Başlygy ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmek we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze kanun taslamasy bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek we döwletiň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça çäreler amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolandyklary hem-de BMG-niň düzüm birlikleri bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşandyklary bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de ýurduň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady.