Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2027-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de, ýokary hilli bugdaý tohumlary we bugdaý ekijileri taýýarlanýar. Şol bir wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar we awtoulag serişdeleri ýygym möwsümine doly taýýar edilýär.
Wise-premýer ussat daýhanlaryň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek hem-de oba hojalyk möwsümlerine başlamagyň senelerini kesgitlemek we oňa ak pata bermek haýyşy bilen döwlet Baştutanyna ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň welaýatlarynda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine hem-de 9-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bu möhüm işleri «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet Baştutany zähmetsöýer oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.