Gazagystanly okuwçylar bäsleşiklerdäki ýeňişleri üçin pul baýragy bilen sylaglanar

Şu gün, 17:58535

Gazagystanda täze okuw ýylyndan başlap mekdep okuwçylaryna bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri üçin pul baýraklary gowşurylar. Ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçen mugallymlar maslahatynda zehinli çagalary höweslendirmek boýunça goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy diýip, «NUR.KZ» habar berýär.

«Orta bilim ulgamyna emeli aňy girizmek. Täze sanly eýýamyň gelmegi bilen hut adam maýasy ösüşiň iň möhüm guralyna öwrülýär. Bu bolsa Gazagystanyň güýçli tarapydyr.

Biziň çagalarymyz zehinli bolup, dünýä arenasynda ýokary bäsdeşlige ukyplylygy görkezýär» – diýip bellemek bilen, döwlet Baştutany ýakynda Akordada halkara intellektual olimpiadalaryň ýeňijilerine pul baýraklarynyň gowşurylandygyny ýatlap geçdi.

Tokaýewiň tabşyrygyna laýyklykda, okuwçylary has-da höweslendirmek maksady bilen, indi pul baýraklary diňe bir halkara intellektual olimpiadalaryndaky üstünlikler üçin däl, eýsem ylmy taslamalaryň bäsleşiklerinde gazanylan ýeňişler üçin hem berler.

Prezident bilimiň, täze tehnologiýalaryň we ykdysadyýetiň özara baglanyşygyna aýratyn üns berdi. Ol ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerine maýa goýumlaryň eýýäm netije görkezýändigini belledi.

«Öňdebaryjy tehnologiýalar ýaşlaryň intellektual mümkinçiligi bilen utgaşyp, eýýäm düýpli ykdysady netije berýär. Täze startaplar döredilýär, ilkinji "ýekebuýnuzlar" peýda boldy» – diýip, Tokaýew belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.