Türkmenistan we Koreýa bilim hyzmatdaşlygynda birnäçe teklipleri maslahatlaşdy

29.08.2026, 23:501,672

28-nji awgustda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy maslahatlaşyldy hem-de şu ýylyň sentýabrynda Seulda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji Sammitiniň çäklerinde täze resminamalara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanda koreý diliniň öwredilişi, hususan-da, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebinde ýüzlerçe ýaşlaryň koreý dilini öwrenýändigi barada durup geçildi.

Şeýle hem institutyň ýanyndaky Patyşa Sejong okuw merkeziniň göreldeli okuw merkezi hökmünde ykrar edilendigi, Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkeziniň ýanyndaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň bolsa Koreýanyň Milli maglumat jemgyýeti tarapyndan «2024-nji ýylyň iň gowy Maglumat elýeterliligi merkezi» diýlip yglan edilendigi nygtaldy.

Duşuşykda TMDDI bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça iýul aýynda talyplaryň tomusky tejribelik okuwlarynyň geçirilendigi, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin bolsa türkmen institutynyň 3 talybynyň Kangwon uniwersitetine 1 ýyllyk okuwa iberilendigi aýratyn bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipler öňe sürüldi. Olaryň arasynda koreý dili mugallymlarynyň Türkmenistanda zähmet çekmegi, oktýabrda Aşgabatda geçiriljek halkara sergä Koreý tarapynyň gatnaşmagy, talyplary halkara olimpiadalara bilelikde taýýarlamak, ylmy makalalary özara çap etmek hem-de sanly bilim boýunça tegelek stollary guramak bar.

Mundan başga-da, Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň muzdsuz kömek maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň, 2027-nji ýylda bolsa TMDDI-niň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.