Aktýor Tom Hardi ilkinji rep albomyny çykardy

Şu gün, 16:581,235

Britaniýaly aktýor Tom Hardi Czarface topary bilen bilelikde ilkinji rep albomyny çykardy. Bu barada The Rolling Stones neşiri habar berýär.

«Czarface Meets Frankie Pulitzer» atly albom 28-nji awgustda çykdy. Hardi onda Frankie Pulitzer lakamy bilen çykyş etdi.

Czarface toparynyň agzalary Inspectah Deck we Esoteric «Brothers Grimm» aýdymynda öz aýtmaly bentlerini ýerine ýetirensoň, olara Hardi goşulýar. Albomy ýazga geçirmäge Method Man we Busta Rhymes dagy hem gatnaşdylar.

Bu albom aktýoryň Czarface bilen ilkinji hyzmatdaşlygy däl. Ol 2021-nji ýylda EP-si üçin «Good Guys, Bad Guys», soňrak bolsa Method Man bilen bilelikde «Knull & Void» aýdymyny çykarypdy.

Hardi hip-hop bilen 1990-njy ýyllardan bäri gyzyklanyp gelýär. Ol 15 ýaşynda ady agzalmadyk bir leýbl bilen şertnama baglaşypdy, ýöne ýazgy edilen material köpçülige çykarylmady. 1999-njy ýylda internetde onuň Tommy No 1 ady bilen ýazga geçiren «Falling On Your Arse» miksteýpi peýda bolupdy.

Indi aktýor rep pudagynda, hakykatdanam, mäkäm ornaşmagy maksat edinýär.

Tom Hardi «Wenom», «Telbe Maks: Gazap ýoly», «Başlangyç» ýaly filmlerindäki, şeýle-de «Garaňky rysar» filmindäki Beýniň we «Kesgir gaşlar» serialyndaky Alfi Solomonsyň keşpleri bilen tanalýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.