Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidentini gutlady

Şu gün, 10:191,071

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ähli gyrgyz halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz hatynda Gyrgyzystanyň gazanan üstünliklerini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi:

«Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda möhüm üstünlikleri gazandy hem-de häzirki wagtda dürli ugurlarda okgunly öňe gitmegini dowam etdirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin».

Serdar Berdimuhamedow iki halkyň bähbidine gönükdirilen ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Gyrgyzystan öz Garaşsyzlygyny 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda Respublikanyň Ýokary Geňeşi tarapyndan Döwlet garaşsyzlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen gazandy.

Bu gün ýurduň ähli ýerinde baýramçylyk çäreleri, Bişkek şäheriniň Ala-Too meýdanynda bolsa konsert, medeni-sazly çykyşlar we feýerwerkler guralýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.