Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we Malaýziýanyň halkyna ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda Türkmenistanda Malaýziýa bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi:
«Aşgabatda özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşiklerimizi ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Duşuşygyň dowamynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarymyz ýene-de bir gezek tassyklanyldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça möhüm çözgütler kabul edildi».
Döwlet Baştutany Malaýziýanyň premýer-ministriniň resmi saparynyň netijeleriniň iki halkyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi we ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Anwar Ibrahime we Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Malaýziýanyň Garaşsyzlyk güni (Hari Merdeka) her ýylyň 31-nji awgustynda bellenilýär. Bu sene 1957-nji ýylyň 31-nji awgustynda şol wagtky Malaýýa Federasiýasynyň Beýik Britaniýanyň baknalygyndan çykyp, Garaşsyzlyk Jarnamasy bilen doly özygtyýarly döwlet hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Baýramçylyk gününde ýurduň paýtagty Kuala-Lumpurda hem-de Dolandyryş merkezi bolan Putrajaýada dabaraly harby ýörişler, Döwlet baýdagyny galdyrmak çäreleri we köp sanly medeni-sazly çykyşlar guralýar.