Köne zatlara täze ömür: Aşgabatda ýaşlar «upcycling» öwrendi we eko-fleşmoba gatnaşdy

Düýn, 14:532,568
1 / 3

29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi. Bu barada tmcars-a guramanyň özi habar berdi.

Duşuşygyň esasy maksady ekologik pikirlenmäni ösdürmek we ýaşlary ekologik taýdan arassa hem-de durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen innowasion başlangyçlara höweslendirmek boldy.

Çäräniň başynda gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň wajypdygyny we ýaşlaryň daşky gurşawy goramakdaky ornuny maslahatlaşdy. Soňra ýaş aktiwistlere döwrebap ekologik innowasiýalar we Türkmenistanyň tebigaty baradaky wideoşekiller görkezildi.

Duşuşygyň aýratyn bölegi galyndylaryň sanyny azaltmaga we olary gaýtadan peýdalanmaga bagyşlandy. Gatnaşyjylara «upcycling», ýagny köne zatlara täzeçe ulanylyş tapýan çemeleşme barada gürrüň berildi.

Ekologik meseleleriň çalt we netijeli çözgütlerini tapmaga bagyşlanan tegelek stol maslahaty uly gyzyklanma döretdi. Onuň çäginde «Ýaşyl impuls» eko-fleşmoby we ekologiýa bilimleri boýunça «Своя игра» intellektual toparlaýyn oýny geçirildi.

Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşuryldy.

Çäre Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maliýe goldawy bilen geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.