Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi we ýurduň doganlyk halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady. Bu barada TDH habar berdi.
«Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Özbegistan Respublikasy döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» – diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti goňşuçylyk, dostluk, özara goldaw, ynam, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň barha artýan ösüşini belläp geçdi. Ol bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Özbegistanyň Garaşsyzlygy 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda respublikanyň Ýokary Geňeşiniň karary bilen yglan edildi. Ýurtda bu baýramçylyk 1-nji sentýabrda bellenilýär.