Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy açyldy

Şu gün, 00:154,866

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy E.Talipowyň haýyşy bilen döwlet Baştutany institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi. Şondan soň dabara gatnaşýan ýaşulular toý bagyny kesdi.

Soňra döwlet Baştutanyna mugallymçylyk institutynda döredilen şertler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

5 müň orunlyk bu döwrebap bilim toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi.

Meýdany 26 gektara golaý bolan bilim ojagy 5 gatly baş binany, 8 fakulteti, 22 kafedrany, mejlisler zalyny, kitaphana binasyny hem-de 1000 orunlyk naharhanany öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde talyplar üçin ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýy, döwrebap sport binasy, futbol meýdançasy, woleýbol we basketbol zallary guruldy.

Kitaphana binasy 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan we 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat.

Täze binalar toplumynda kämil sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin himiýa, biologiýa, fizika, defektologiýa ýaly ugurlar boýunça onlarça tejribehana otaglary döredildi.

Şeýle hem toplumyň çäginde taryh, arheologiýa, etnografiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär.

Döwlet Baştutany watansöýüji we ruhubelent ýaşlaryň Watanyň beýik geljegidigini nygtap, bilim ojagynyň kämil mugallymlaryň, bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.