Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine birnäçe halkara sertifikatlary gowşuryldy

Şu gün, 00:323,144

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde bu bilim ojaklaryna halkara sertifikatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ilki bilen, «Cert International» halkara guramasynyň wekili Marat Habibulin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna birbada ISO-nyň 5 sany halkara standartyna laýyklyk sertifikatlaryny gowşurdy. Şunlukda, bu institut bir wagtda:

  • ISO 9001:2015 (hil dolandyryşy),
  • ISO 14001:2015 (daşky gurşawy dolandyryş),
  • ISO 45001:2018 (zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak),
  • ISO 21001:2018 (bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamy),
  • ISO 27001:2022 (maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak)

— halkara standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan sertifikatlary alan Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda ilkinji ýokary okuw mekdebi boldy.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan instituta Energiýa netijeliligi, Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, Talyp ýaşlary durnukly energetikany ösdürmäge çekmek boýunça «Ýaşyl» sertifikatlary, Suw serişdelerini tygşytlamak we dolandyrmak, Energiýa netijeliligi we monitoring hem-de Bilim we hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça sertifikatlary gowşurdy.

Şeýle hem «Pearson VUE» kompaniýasynyň «Certiport» bölüminiň dolandyryjy direktory Kenworti Ti Josef instituta «Certiport Authorized Testing Center — CATC» (Ygtyýarlandyrylan halkara synag merkezi) sertifikatyny gowşurdy. Bu merkez talyplara we hünärmenlere sanly başarnyklaryny halkara ykrar edilen standartlar boýunça tassyklamaga mümkinçilik berer.

Dabaranyň çäklerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem halkara sertifikatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň sertifikaty, bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga goşan goşandy üçin «Geljege goşant» atly howandarlyk fondunyň sertifikaty we inklýuziw bilimi ösdürmäge goşan goşandy hem-de hyzmatdaşlygy üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň sertifikaty bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.