Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama milli baýram — Wýetnamyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi. Bu barada TDH ýazýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz gutlagynda To Lama berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Wýetnamyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Wýetnamda Garaşsyzlyk güni 2-nji sentýabrda bellenilýär. 1945-nji ýylyň hut şol güni Prezident Ho Şi Min Hanoýdaky Badin meýdançasynda Garaşsyzlyk jarnamasyny yglan edipdi. Bu sene ýurduň Milli güni hökmünde bellenilip gelinýär.