1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedowyň Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde gruzin tarapy birnäçe anyk teklipler bilen çykyş etdi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň hem-de talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen tarapy ýurtdaky bilim özgertmeleri, sanly tehnologiýalary we emeli aňy bilim işine ornaşdyrmak, bilim, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Gepleşiklerde gruzin tarapy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da:
- türkmen ýaşlarynyň Gruziýada bilim almak mümkinçiliklerini giňeltmek;
- Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek;
- bilelikdäki ylmy taslamalary maliýeleşdirmek;
- Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.
Şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak we ýaş alymlaryň duşuşyklaryny işjeň ösdürmek meselelerine seredildi.
Hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde bilim ulgamy boýunça Türkmen-gruzin iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Gruzin wekiliýetiniň häzirki sapary şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamy boldy.