Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Düýn, 17:441,990
1 / 4

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Ekiş möwsüminiň senesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kesgitlendi diýip, TDH habar berýär.

Asylly däbe görä, ýaşulular «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen topraga ilkinji tohumlary sepip, ekişe badalga berdi. Soňra ekiş nobaty mehanizatorlara geçirildi. Möwsüm üçin ekin meýdanlary öňünden sürüldi hem-de gurplandyryldy. Ýokary hilli tohumlar we oba hojalyk tehnikalary hem doly taýýar edildi.

Ekişiň başlanmagy mynasybetli ähli welaýatlarda agrotehniki kadalary berjaý etmek boýunça tejribe maslahatlary geçirildi. Bellenilişi ýaly, ak ekine ideg etmekde döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy daýhanlara ekişi bellenen möhletlerde geçirmäge ýardam eder.

Şeýle hem waka mynasybetli obasenagat önümleriniň we tehnikalaryň sergileri hem-de medeniýet işgärleriniň konsert maksatnamalary guraldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.