Kanadanyň günbataryndaky Williston suw howdanynda öň kartalarda bolmadyk, tokaý bilen örtülen gezegen ada peýda boldy. Ol ýitip, birnäçe gün soň öňki ýerinden 32 kilometr uzaklykda täzeden tapyldy diýip, «The Guardian» habar berýär.
Ululygy, takmynan, 150-ä 75 metr bolan adany awgust aýynda gaýykçylaryň biri gördi. Onuň düşüren kadrlarynda tolkunlarda yrgyldaýan 100-e golaý agaç görünýär. Ilki bilen suw howdanyny dolandyrýan BC Hydro kompaniýasynyň wekilleri suratlar emeli aňyň kömegi bilen döredilen bolaýmasyn diýip, müňkürlik etdiler. Soňra adanyň bardygyny şaýatlar we kosmos hemra suratlary hem tassyklady.
BC Hydro adanyň kenaryň goragly böleginde ýygnanan agaç galyndylaryndan emele gelendigini çaklaýar. Olaryň üstüni birnäçe ýylyň dowamynda agaçlar we beýleki ösümlikler basdy. Suwuň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli bu üýşmek kenardan bölünip aýrylyp, akym boýunça ýüzmäge başlan bolup biler.
Howdanyň suwy häzirki wagtda soňky 14 ýylyň dowamyndaky ýagdaýyndan has bol boldy. Geçen gyş gar kän ýagdy, tomusam ygally boldy.
«Ýitirim bolan» wagtynda ada, ähtimal, ýene-de özüni kenara uran bolmaga çemeli, şol sebäpli hem ol görnen däldir.
Agaçlaryň ýaşy hakynda häzirlikçe maglumat ýok, ýöne käsiniň boý alanyna eslije ýyl bolandygy bildirýär.
Şertler amatly bolsa, bu ýüzýän tokaý ýene köp ýyllaryň dowamynda ýaşamaga we ösmäge ukyply.
Şular ýaly gezegen adalar beýleki suw howdanlarynda hem duş gelýär. Mälim bolan mysallaryň biri — Amerikanyň Wiskonsin ştatyndaky Çippewa kölünde ýerleşýän Forty Acre Bog adasydyr.
Williston suw howdany 1970-nji ýyllaryň başynda bent gurlandan soň peýda boldy. Bu meýdany, takmynan, 1700 inedördül kilometr bolan Britan Kolumbiýasynyň iň uly süýji suwly howdanydyr.