«Klingendal», söwda we bedew: Türkmenistanyň we Niderlandlaryň maslahatlaşan meseleleri

Şu gün, 13:501,468
1 / 2

3-nji sentýabrda Gaagada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň niderlandly kärdeşi Tom Berendsen bilen duşuşygy boldy.

Mälim bolşy ýaly, Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde 4-nji sentýabrda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna badalga berilýär. Niderland tarapy bu çäräniň geçirilmegini hoşallyk bilen garşylady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi hem-de söwda, ulag, energetika, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdy. Meredow Aşgabadyň durnukly bitaraplyk ýörelgesine, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara meselelerini çözmegiň syýasy-diplomatik usullaryna ygrarlydygyny nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň meselelerine üns bermek bilen, diplomatlar ulag we logistika, port infrastrukturasy, oba hojalygy we döwrebap agrotehnologiýalar, energetika, ýokary tehnologiýalar hem-de senagat kooperasiýasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garady. Iki ýurduň işewür toparlarynynyň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygy bellenildi.

Ýene bir ugur bilim we diplomatik işgärleri taýýarlamak boldy. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan eýýäm köp ýyllaryň dowamynda Niderlandlaryň «Klingendal» Halkara gatnaşyklar instituty bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli dialogy we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.