Nepalda güýçli silden dokuz gün geçenden soň, «Trişuli 3A» gidroelektrik stansiýasynyň tunelinde gabalyp galan iki işçini halas etmek başartdy. Olar tuneliň girelgesinden 170 metr uzaklykda tapyldy.
Halas edilenler Katmandudaky harby hassahana eltildi. Aman galan iki adam bilen birlikde halasgärler ýene bir işçiniň üstünden bardylar, ýöne ol eýýäm heläk bolan eken.
Tebigy betbagtçylyk 26-njy awgustda Nepal bilen Hytaýyň serhedinde bolup geçdi. Trişuli derýasynyň jülgesinde duýdansyz suwly, palçykly we daşly akym emele geldi. Siliň netijesinde azyndan 1294 adam heläk bolup, 5053 adam dereksiz ýitdi. Suw joşgunynyň ýetiren zyýany 2,56 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar.

Betbagtçylygyň dörän wagty GES-iň töwereginde bolan adamlar has agyr ýagdaýa düşdi: 900 töweregi işçi dereksiz ýiten hasaplanýar, olaryň 500 töwereginiň ýerasty tunellerde galan bolmagynyň mümkindigi çak edilýär.

Halas edilenleriň biri mehanik-brigadir Sajaý Sah sil alan pursatynda tuneliň dispetçer bölüminde özi bilen bilelikde 40-45 adamyň bolandygyny gürrüň berýär. Siliň gelýänini bileninden soň ol ylgap, beýleki işçilere duýdurjak bolany üçin tunelden wagtynda çykyp bilmändir. Birnäçe günüň dowamynda ol beýleki gabalan adamlaryň seslerini eşidip, olar bilen aragatnaşyk saklapdyr.

Ikinji halas edilen iş ýolbaşçysy Kabir Maharjan agyr ýagdaýda reanimasiýa eltildi. Onuň aýaly žurnalistlere Maharjanyň aýagyna şikes ýetendigini, tunelde geçirilen wagtyň dowamynda bolsa onda sary getirmäniň döräp başlandygyny gürrüň berdi.
GES tunelleriniň girelgeleri suw bilen basylyp, daş we palçyk bilen gömlüpdi. Halasgärlere «Trişuli 3A» tunellerine ýetmek üçin alty güne golaý wagt gerek boldy.
Häzirki wagtda gözleg-halas ediş işleri «Rasuwagadi» GES-inde hem dowam edýär. Ol ýerde 46 işçi diri galandyr diýlip umyt bildirilýär.