4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen gepleşikde taraplar özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hem-de halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Nikol Paşinýan Türkmenistanyň ekologiýa boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, döwlet Baştutanyny oktýabr aýynda Ýerewanda BMG-niň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu çärä işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Öz gezeginde döwlet Baştutany Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Nikol Paşinýany 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Ermenistanyň premýer-ministri çakylygy kabul edip, ýurduň bu maslahata işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdi.