«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli 15–24 ýaş aralygyndaky ýaşlary zehin bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda sagat 14:00-da «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezindäki «Iş nokady» koworking-merkezinde geçiriler. Gatnaşmak mugt, ýöne ýerleriň sany çäkli.
Maksatnama boýunça 10 adamdan ybarat iki topar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak we ekologik meseleler bilen bagly ýumuşlar boýunça bäsleşer. Toparlar soraglara jogap berip bilmedik ýagdaýynda tomaşaçylar hem işjeň gatnaşyp, öz pikirlerini aýdyp biler. Şeýle hem çärede Ozon merkeziniň taýýarlan wideoşekili görkeziler.
Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary, ähli gatnaşyjylara we tomaşaçylara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.
Bäsleşige 20 sany gatnaşyjy we 40-a golaý tomaşaçy çagyrylýar. Gatnaşmak üçin adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, ýaşyňyz we okaýan ýa-da işleýän ýeriňiz baradaky maglumatlary tebigatchy.jemg@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly. Hatyň «Tema» ýerine bäsleşiji hökmünde gatnaşmak üçin «Ozon – Gatnaşyjy», tomaşaçy hökmünde gatnaşmak üçin bolsa «Ozon – Tomaşaçy» diýip ýazmaly.
Hasaba almagyň soňky möhleti 15-nji sentýabrda sagat 17:00-a çenli dowam edýär.
Habarlaşmak üçin: +(993 12) 37-46-78/ +(993 64) 26-84-32.